GDA-nyň 35 ýyllygy. Arkalaşygyň Liderleri Türkmenistanda jemlenýär

Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwlet Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlar. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) öz döredilmeginiň 35 ýyllygyny belleýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, 1990-njy ýyllaryň başynda döredilen özara hyzmatdaşlyk mehanizmleri täze geosyýasy şertlerde örän zerur bolup durýar.

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň döwlet Baştutanlaryndan başga-da, Russiýanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Liderleri ýygnanarlar. Mundan başga-da, GDA-nyň taryhynda ilkinji gezek giňeldilen görnüşdäki mejlise Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem çagyryldy.

Analitikleriň bellemegine görä, şeýle format Merkezi Aziýa – Kawkaz – Ýakyn Gündogar ugry boýunça ykdysady işjeňligi artdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň eýýäm Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (ÝYB) agza ýurtlar bilen erkin söwda ylalaşygynyň bardygyny göz öňünde tutmak gerek. Täze ulag düzümleriniň we ugurlarynyň, şol sanda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň işe girizilmegi bilen mümkinçilikleri ep-esli giňejek sebitleýin logistika hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda söwda möçberleriniň düýpli artdyrylmagyna şert döredýär.

Ýagny, Ýewraziýanyň merkezinden Pars aýlagyna çenli, Hazar sebiti we Kawkaz arkaly uzalýan giňişlikde ykdysady bähbitleriň we mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy barada gürrüň gidýär.

Bu mümkinçiliklerden eýýäm peýdalanylýar. Mysal üçin, Täjigistan Eýrandan nebit önümlerini alýar. Mundan başga-da, ýakynda Tähran bilen Duşenbe iki ýurduň arasynda doly wizasyz düzgüni ýola goýdy.

GDA sammitiniň beýleki meseleleri däp bolşy ýaly, sebitde durnuklylygy üpjün etmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilim we syýahatçylyk maksatnamalaryny ösdürmek, ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem energetika we ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerini öz içine alar.

Gün tertibiniň ýene bir möhüm ugry «GDA+» formatyny ösdürmek bolar.

Şeýle hem, bu ýerde, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygy hem geçirilýär.

Related posts

Awaza sammiti: Gyrgyzystanyň Prezidenti bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny we elektron söwda meýdançasyny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Tokaýew: Merkezi Aziýa-Azerbaýjan sebitinde özara söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard dollara ýetirmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Prezident Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda depginli ösýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Prezidenti: Azerbaýjanyň C5 formatyna goşulmagy Aziýa we Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açýar

GDA-nyň 35 ýyllygy. Arkalaşygyň Liderleri Türkmenistanda jemlenýär

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türk deputat Rukiýe Toý «Ata Watan Media» zenanlar dialogy barada gürrüň berdi

Gazagystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanda “OGT 2026” halkara maslahatyna gatnaşar

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Bişkek şäheri 2027-nji ýylda GDA-nyň Sport paýtagty diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi

Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Messi üçin hoşlaşyk duşuşygy geçirildi

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň bilen Russiýanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi