MEDENIÝET

Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar.

Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga uly ähmiýet berýär. Halkara derejeli festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň, konsertleriň guralmagy ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer dialogyň ösdürilmegine itergi berýär. Taraplar iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň şeýle çärelere gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar konserte gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans toparlarynyň millilik bilen utgaşýan çykyşlary konsertiň baý many-mazmuna eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmen estrada ýyldyzlarynyň dürli dillerde aýdymlary ýerine ýetirmekleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Joşgunly aýdym-sazlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini subut etdi.

Sahnadaky ýokary ruhy joşgun sungatyň çäginiň ýokdugyny ýene-de bir gezek tassyklady. Çykyşlardan ruhy lezzet alan tomaşaçylaryň umumy pikirine görä, şeýle çäreler halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli mirasa we häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýär.

Related posts

Gazagystanda Ginnesiň täze rekordy goýuldy

Ata Watan Eserleri

“Çalsana bagşy” atly bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Ýaz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ata Watan Eserleri