DÜNÝÄ

Azerbaýjan Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna 5 milliard dollar maýa goýar

Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Ilham Aliýew we Şawkat Mirziýoýew Daşkentde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda Baky dostluk hakyndaky Şertnama gol çekdiler. Bu şertnama gol çekmek dabarasy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde boldy.

Özbek Lideriniň resmi saýtynda berlen maglumata görä, döwlet Baştutanlary şeýle hem «Ýokary döwletara geňeşiň üçünji mejlisiniň çözgüdine» gol çekdiler.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda şu resminamalara gol çekildi: 2030-njy ýyla çenli haryt dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek boýunça Maksatnama; maýa goýum we söwda ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça amaly hereketleriň Meýilnamasy; daşary işler ministrlikleriniň 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy.

Umuman, 10-dan gowrak resminama gol çekildi we resminamalar alyşyldy.

Habarda Aliýew bilen Mirziýoýewiň Özbegistanda durmuşa geçirilýän Azerbaýjan taslamalarynyň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna onlaýn görnüşde hem gatnaşandygy aýdylýar. Hususan-da, olar gips zawodynyň, şeýle hem Landau adyndaky iki sany STEAM mekdebiniň (Science, Technology, Engineering, and Mathematics) (Landau Education Group) açylyşyna gatnaşdylar.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) bäş sany ýangyç guýujy bekediniň, “Sea Breeze Uzbekistan” ýaşaýyş we dynç alyş toplumynyň, “Baku City” ýaşaýyş toplumynyň, düzüminde kümüş bolan magdany baýlaşdyryjy fabrigiň, şeýle hem miweli baglaryň taslamalarynyň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

Azerbaýjan Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna 5 milliard dollar maýa goýar

Azerbaýjanyň Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna goýjak maýa goýumlarynyň möçberi 5 milliard ABŞ dollaryna barabar bolar diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew aýtdy.

«Diňe Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyna 5 milliard dollar maýa goýmak meýilleşdirilýär» diýip, Aliýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen Azerbaýjan bilen Özbegistanyň Ýokary döwletara geňeşiniň üçünji mejlisinde aýtdy.

Aliýew Azerbaýjan bilen Özbegistanyň taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem döredendigini belledi.

Related posts

Türkmenistan’da Bağımsızlık Bayramı açılışları devam ediyor.

vepa

Waşingtonda “Dostluk” ýatagy boýunça onlaýn forum

Türkmenistan bilen Türkiýe atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk eder