DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji Sammitiň taýýarlygyna bagyşlanan ýokary derejeli wezipeli adamlaryň üçünji mejlisine gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar öňde boljak Sammitiň taýýarlygy bilen bagly guramaçylyk we protokol meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem onuň gün tertibiniň mazmuny boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, sanly ulgam hem-de suw serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça gatnaşyjylar Sammitiň üstünlikli taýýarlanylmagy we geçirilmegi maksady bilen mundan beýläk-de ýakyn utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Ginnesiň täsin rekordy

“Merkezi Aziýa – Russiýa”: daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusyň teleýaýlym we radio kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy