24-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Milli Lideri Özbek Liderini doglan güni bilen mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikler, doganlyk özbek halkyna bolsa parahatçylyk we güllüp ösüş arzuw etdi.
Ol şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýadawsyz zähmeti we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Özbegistanyň täze belentliklere ýetýändigini, durmuş-ykdysady we syýasy ulgamlarda uly ösüşleri gazanýandygyny aýratyn belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan özbek-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara ynama we umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň barha depgin alýandygy uly kanagatlanma bilen bellenildi.
Ähli derejelerde işjeň gatnaşyklar dowam etdirilýär. Ýakynda Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň netijelerine ýokary baha berildi.
Özara söwda dolanyşygynyň we ýük daşamalaryň möçberi çalt depginler bilen artýar. «Şawat–Daşoguz» söwda zolagynyň netijeli işi hem özara söwdanyň giňelmegine ýardam berýär.
Energetika, senagat, oba hojalygy, suw hojalygy we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem parlamentara, sebitara, işewürlik hem-de medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.
Taraplar sebit gün tertibini utgaşdyrmaga we öňe ilerletmäge aýratyn üns berdiler. Şol sanda şu ýylyň güýzünde Awazada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
