JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

29-njy iýunda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem öz gezeginde Özbegistanyň Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Ähli derejelerde ýakyn we netijeli gatnaşyklar dowam etdirilýär. Özara söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artýar, senagat, energetika, ulag we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Şawat–Daşoguz» söwda zolagy netijeli işleýär.

Sebitleýin, işewürlik, medeni we ynsanperwer ugurlardaky alyş-çalyşlar hem giňeldilýär.

Ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen Hökümetara toparyň hem-de Işewürler geňeşiniň mejlisleriniň netijelerine ýokary baha berildi.

Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly sebit gün tertibini utgaşdyrmak we ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri