SPORT

Ronaldonyň dünýä çempionatyndaky nobatdaky rekordlary

Portugaliýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatyndaky şowsuz ilkinji duşuşygy üçin janköýerleriniň öňünde özüni aklady — olar Özbegistanyň ýygyndysyny 5:0 uly hasap bilen ýeňdiler. Kristiano Ronaldo bolsa duşuşygyň baş gahrymany boldy.

Özbegistanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykda iki gol geçiren Ronaldo Portugaliýanyň ýygyndysynyň taryhynda dünýä çempionatynda iň köp gol geçiren oýunçysy boldy.

Ronaldonyň dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sany 10-a ýetdi. Ol bu görkeziji boýunça Portugaliýanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Eýsebiony hem goşmak bilen, dokuz oýunçydan öňe geçdi.

Ronaldo dünýä çempionatlarynda 10 gol urmagy başaran 16-njy oýunçy boldy.

41 ýaşly Ronaldo çempionatyň taryhynda gol geçiren 2-nji garry futbolçy boldy. Dünýä çempionatynyň taryhynda gol uran iň ýaşuly oýunçy kamerunly Rože Milladyr. Ol 1994-nji ýylyň dünýä çempionatynda 42 ýaşynda Russiýanyň ýygyndysynyň derwezesine gol urupdy.

Şeýle hem Ronaldo 6 dünýä çempionatynda gol geçirne ilkinji futbolçy boldy.

Related posts

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Tuhel tälimçilikden boşadyldy

94 ýyllyk stadion ýykylýar