DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen onuň iş otagynda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny syýasy, ykdysady, söwda we energetika ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn çärelere aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Related posts

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

“Facebook” adyny “Meta” öwürýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy