DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Polşa Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministriniň orunbasary jenap Matseý Duşçik bilen iş duşuşygy geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda migrasiýa ulgamlaryny sanlylaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda sebit we ählumumy derejelerde migrasiýany dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy hem aýratyn ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary dowamly alyp barmaga, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.


Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Polşa Respublikasynyň Daşary ýurtlylaryň işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy jenap Tomaş Tsitrinowiç bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Iş duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa babatda özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny utgaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler hem-de howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany dolandyrmagyň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaýda geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar