JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna hem-de özbek wekiliýetine Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda geçiriljek giňişleýin we netijeli pikir alyşmalaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, şunda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamakda hökümetara topara aýratyn orun degişlidir.

Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berendigi bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, iki ýurtda medeni çäreleri guramagyň, döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri