JEMGYÝET

Aprel aýynyň 24-30-y — Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi

Her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde dünýäde Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär.  Şu ýylda hem bu hepdelik aprel aýynyň 24-inden, 30-y aralygy geçiriler. Bu hepdelik dürli ýaşdaky adamlary kesellerden goramak maksady bilen döredildi. Onda ençeme adama sanjymlar, bejeriş işleri geçirilýär. Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi her ýyl millionlarça adamyň ömrüni halas edýär we dünýäde iň üstünlikli we tygşytly saglyk çäreleriniň biri hökmünde giňden tanalýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýäde immunizasiýa we sanjymyň ähmiýeti blen bagly, ähli adamlaryň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmakda birnäçe işleri alyp barýar. Aprel aýynyň iň soňky dowam edýän hepdesinde bu halkara guramasy bejergä mätäç näsaglara, dürli ýaşdaky adamlara lukmançylyk kömegini eder.

Bütindünýä immunizasiýa hepdesi ilkinji gezek 2012-nji ýylda dünýäde 180 döwletiň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar