DÜNÝÄ

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy.

Çärä şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar Sammitiň taýýarlyk işleriniň barşyny, jemleýji resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Russiýa özara hasaplaşyklaryny milli pul birliklerinde amala aşyrar

Hindistan her sene 94 milyar m3 doğal gaz ithal edecek

vepa