DÜNÝÄ

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Şu gün Azerbayjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy bellenilýär. Bu barada Azerbayjan Respublikasynyň ilçihanasy habar berýär.

Habar berlişine görä, 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 9-yna Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.  2022-nji ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçihanasy 2002-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine Türkmenistanda işläp başlady. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy 1999-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ine öz işine başlapdy.

2023-nji ýylyň awgust aýynyň 29-yna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy bilen Gismat Gozalow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

2017-nji ýylyň mart aýynyň 11-ine “Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk Jarnamasyna” gol çekildi.

2008-nji ýyldan bäri Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümeti arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara topary iş alyp barýar. Toparyň häzirki wagta çenli 8 mejlisi geçirildi. Nobatdaky mejlisini 2026-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda 108-den gowrak resminama gol çekildi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär. iki ýurduň gatnaşmagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan hem-de Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy döredildi.

Şeýle hem Azerbaýjan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň düzümine goşuldy.

Related posts

Iň uly 3D älem kartasy döredildi

Wodorod energetikasy pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär

Ata Watan Eserleri

Dinozawrlaryň galyndylary tapyldy