Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Bu medeni foruma gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Karimliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyz Aşgabada geldi.
Arkadag hem-de Aşgabat şäherlerinde 5-7-nji iýun aralygynda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, sungat söýüjiler, Azerbaýjanyň wekiliýet agzalary, Azerbaýjandan gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de muzeýiň işgärleri gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisinde çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Arkadag we Aşgabat şäherlerinde dostlukly Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günlerine badalga berlendigini we munuň iki doganlyk halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem ol geçen ýyl Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini aýtdy.
Soňra sergide çykyş eden Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli 3 günüň dowamynda Türkmenistanyň Arkadag we Aşgabat şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Ol bu medeni forumyň çäklerinde geçirilýän “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergide 3 günüň dowamynda Azerbaýjanyň baý medeniýeti bilen tanyşmaga giň mümkinçilik dörediljekdigini belläp geçdi.

Soňra myhmanlara sergide ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşdylar. Sergide Azerbaýjan milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki döwre çenli taryhy döwri öz içine alýan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, baş gaplar hem-de dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär.
Sergide sergilenýän “Gymyl” taslamaly Guba halysy çitimleriň dykyzlygy we nepis dokalyşy bilen tapawutlanýar. Sergide halylar bilen birlikde gündelik durmuşda giňden ulanylýan horjun we çuwal ýaly önümler hem görkezilýär.

Şeýle hem sergide Azerbaýjanyň dürli şäherleriniň fotosuratlary hem görkezilipdir. Bu eserleriň ählisi Azerbaýjanyň medeni mirasynyň geçmişi bilen şu gününiň arasyndaky mizemez bitewiligi we dowamlylygyny özünde şöhlelendirýär.
Mundan başga-da, serginiň çäklerinde Azerbaýjanyň milli lybaslarynyň moda görkezilişi hem guraldy. Onda Azerbaýjanyň milli nagyşly hem-de döwrebap lybaslary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
