JEMGYÝET

Awazada demografiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň oktýabr aýynda Awazada demografiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek boýunça digişli işleriň alnyp barylýar.

Bu barada Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Skopýe şäherinde geçirilen «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly Demografik durnuklylyk boýunça sebit ministrler maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Maslahatda ykdysady we maýa goýum ileri tutulýan ugurlarynyň bilim maksatnamalaryna geçirilmegini üpjün edýän model aýratyn bellenildi. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň başarnyklary seljerilip, hünärli işgärleriň zähmet bazaryna çykmagy öňünden meýilleşdirilýär. Şeýle hem, amaly netije hökmünde 11 pudagy we 156 sany täze hünäri öz içine alýan, halkara tejribesine esaslanýan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» tanyşdyryldy.

Related posts

Ýewro-2020: Angliýa bilen Horwatiýa indiki tapgyrda

Aşgabatda täze belgili awtobuslar halkyň hyzmatynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri