SIZDEN GELENLER

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ähli pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, döwrebap tehnologiýalary artdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, sanly hyzmatlary ösdürmäge we döwletimiziň tehnologik garaşsyzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki we hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär, ylmy-tehniki özgertmeler hem-de iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Sanly dünýäniň bosagasynda däl-de, eýýäm onuň merkezinde ýaşaýarys. Tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösmegi diňe bir iş usullarymyzy däl, eýsem pikirleniş ugrumyzy hem düýpli üýtgedýär. Ine, şu döwürde kompýuter sowatlylygy we emeli aň her bir adamyň durmuşynda iň zerur gurala öwrüldi.

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösüşi diňe bir täze smartfonlaryň çykmagy bilen çäklenmeýär. Ol ykdysadyýetiň, lukmançylygyň we bilimiň esasy hereketlendirijisidir. Maglumatlaryň sanly görnüşe geçmegi, uzak aralykdan işlemek we okamak mümkinçilikleri dünýäni has hem gysga we elýeterli etdi. Emma bu ösüş öz gezeginde täze talaplary hem öňe sürýär.

Geçen asyrda okap-ýazmagy bilmek nähili zerur bolan bolsa, şu günki günde kompýuter sowatlylygy şonça-da möhümdir. Kompýuter sowatlylygy diňe bir “syçanjygy” ulanmagy ýa-da internetde maglumat gözlemegi aňlatman, eýsem, şahsy maglumatlary gorap bilmek, internet dünýäsinde özüňi alyp barmagyň kadalaryna eýermek, internetdäki maglumatlaryň haýsynyň dogry, haýsynyň ýalandygyny saýgarabilmek başarnygydyr.

Tehnologiýa — bu bir guraldyr. Ony nähili ulanmalydygymyz bolsa öz elimizde. Kompýuter sowatlylygymyzy ýokarlandyrmak we emeli aňyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak, bizi döwür bilen deň gadam urmaga we geljege ynamly garamaga gönükdirer. Sanly dünýäden yzda galmazlyk üçin, her gün täze bir zady öwrenmek biziň esasy borjumyzdyr.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan döwletimizde hem tehnologiýanyň ösdürilmegi, täzeçil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny döwlet dolandyryşyna ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler üstünlikli alnyp barylýar.

Döwlet maksatnamasynyň çäginde elektron hökümet portaly döredildi. Bu portal döwlet edaralarynyň hyzmatlarynyň birleşdirilen platformasyny döredýär we raýatlara köp sanly elektron hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Portal arkaly raýatlar resminamalary almak, tölegleri geçirmek, arza bermek we beýleki döwlet hyzmatlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin giň mümkinçilige eýe bolýarlar. Elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy. Bu ulgam kagyz resminama dolanyşygyny azaltmaga, maglumat alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga we resminamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Maglumat tehnologiýalary pudagynda hünärmenler taýýarlanyp, IT kompaniýalary ösdürilýär, sanly çözgütler hereket edýär. Bu ýagdaý ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyna we innowasion ösüşine uly goşant goşýar. Elektron söwda platformalarynyň ösdürilmegi içerki we daşary söwdany giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, bäsdeşligi güýçlendirmäge we sarp edijileriň mümkinçiliklerini giňeltmäge netijeli ýardam edýär. Sanly ykdysadyýet daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekmekde hem möhüm orun eýeleýär.

Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen maglumat tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Halkara guramalar bilen bilelikde möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalaryň çäginde elektron hökümet ulgamlaryny döretmek tejribesi öwrenilýär, hünärmenler taýýarlanýar we tehnologik çözgütler ornaşdyrylýar. Halkara standartlara laýyk gelmek elektron hökümet ulgamynyň hiline we ygtybarlylygyna oňyn täsir edýär.

Berkarar Diýarymyzda elektron hökümet ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň güýçlenmegine, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine we halkymyzyň abadançylygyň üpjün edilmegine uly ýardam edýär.

 Şeýle asylly işler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň her bir adamyň we bütin halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini aýan edýär.

Aknabat Kakalyvewa,

Türkmenistanyň Telekomunikasiýalar we informatika institutynyň

Elektrotehnika we elektronika kafedrasynyň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Nebitgaz pugagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Biologiýa dersiniň ähmiýeti