Bu gün ilki bilen möhüm işleriňize üns beriň: günüň birinji ýarymy hut şolar üçin amatlydyr. Şol bir wagtyň özünde, soňky döwürde sizi binjalyk edip ýören köp sanly iş meseleleriňizi hem şowly çözülip bilersiňiz. Ozal size örän kyn görnen zatlar, aslynda, amala aşyryp boljak ýönekeý işler bolup çykar. Esasy zat ownuk-uşak zatlara ünsüňizi bölmän, bar güýjüňizi hakykatdan hem çynlakaý wezipelere gönükdirmekdir.Pul girdejileriniň bolmagy hem ahmal. Bu gün size köne bergiňizi gaýtaryp bilerler. Maliýe meseleleriňizde öz duýgyňyza bil baglamagyňyz ýerlikli bolar.Günüň ikinji ýarymynda siz diňe bir öz işleriňizi bitirmek bilen çäklenmän, eýsem kömege mätäç adamlara ýardam bermegiň ýoluny hem taparsyňyz. Hatda size nätanyş diýen ýaly bir adam ýüz tutsa-da, oňa “ýok” diýmek islemersiňiz. Şeýle hem ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk göwnüňizi göterer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň başlangyjy gyzykly duşuşyklar we ýakymly tanyşlyklar üçin mümkinçilikler açýar, şonuň üçin professional we dynç alyş çärelerine gatnaşmakdan ýüz öwürmeli däl. Gatnaşyklarda başlangyç görkeziň.Iş meseleleriňizi seresaplylyk bilen çözmäge çemeleşiň, şonda çynlakaý ýalňyşlyklara ýol bermersiňiz. Ähli taraplaryny ölçerip bilmek ukybyňyz dogry kararlary kabul etmäge kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda täze işlere we taslamalara başlap bilersiňiz.Bu wagt siz döredijilikli çemeleşmelerde özüňizi aýratyn gowy görkezip bilersiňiz we hatda güýçli bäsdeşleriňizden hem üstün çykarsyňyz.
Bu gün köp sanly gyzykly wakalary getirer.Şeýle hem birnäçe iş meseleleriňizi çözmek başardar. Siz diňe bir öz işleriňizi däl, eýsem kyn ýagdaýa düşen kärdeşleriňize hem kömek edip bilersiňiz.Bu gün köp Seretanlar ýakyn wagtda peýdaly boljak tejribelerini toplarlar. Peýdaly tanyşlyklaryň bolmagy hem mümkin. Şeýle hem siz täze taslamalaryň üstünde işläp başlap bilersiňiz. Siz köp zady derrew öwrenersiňiz we üstünlik gazanmak üçin näme etmelidigine çalt düşünersiňiz. Käbir Seretanlar öz hususy işini açmak barada çynlakaý oýlanarlar.Günüň ikinji ýarymynda siz maksadyňyza tarap ilkinji ädimleri ädip bilersiňiz, ýöne möhüm kararlar we maýa goýumlary bilen howlukmazlyk has gowudyr; ilki bilen ýagdaýy öwrenmeli we iş meýilnamasyny düzmeli bolarsyňyz.
Gatnaşyklar üçin ajaýyp gün. Täze tanyşlyklar örän aňsatlyk bilen ýola goýlar, siz köp adamlarda oňat täsir galdyrarsyňyz we halanýan adamlaryňyz bilen çalt dostlaşarsyňyz. Ýakynlaryňyz bolsa size gymmatly maslahatlary bererler.Eger nähilidir bir kynçylyk ýüze çyksa ýa-da nähili çemeleşmelidigiňiz düşnükli bolmasa sizi ýakyndan tanaýan adamlaryňyza ýüz tutuň.Iş meseleleriňizde seresaplylyk görkeziň bu bolsa size ýalňyşlyklaryň öňüni almaga we dogry kararlary kabul etmäge kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyňyzda üýgeşmeler peýda bola.Romantiki duşuşyklar size ajaýyp täsir eder.Söýgüli adamyňyz bilen aragatnaşyk size peýda berer.
Mizan ýyldyzy astynda dogulanlar özüniň deňagramlylygy, diplomatiýasy we gözellige bolan söýgüsi bilen tanalýarlar. 2026-njy ýylyň maý aýynyň ilkinji günleri siziň üçin sazlaşyk we möhüm saýlawlar döwri bolar.Häzirki wagtda siziň esasy maksadyňyz içki deňagramlylygy tapmak. Durmuşyňyzda käbir gapma-garşylyklar bar bolsa olary parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin amatly wagt. Maý aýynyň başy size özüne çekijilik we täze başlangyçlar üçin ylham berer.Iş ýeriňizde gepleşikleri geçirmek we adamlaryň dilini tapmak ukybyňyz häzir ýokary derejede bolar.Şeýle hem hyzmatdaşlykda topparlaýyn işlerde ýa-da täze şertnamalarda siziň pikiriňiz esasy orunda durar. Adalatly kararlaryňyz töweregiňizdekiler tarapyndan goldaw tapar.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyzdan ýakymly garaşylmadyk sowgatlar ýa-da gyzykly teklipler gelip biler.
Siziň täzeçillik ukybyňyz we global pikirlenmegiňiz häzir uly ähmiýete eýedir.Egerde siz daşary ýurt dilleri ýa-da halkara maksatnamalar bilen gyzyklanýan bolsaňyz, bu ugurda möhüm ädimler ädip bilersiňiz. Okuw materiallaryny we täze maglumatlary özleşdirmek size aňsat düşer.Käbir Kowuslar işjeňligi we täze tejribeleri halaýarlar.Arassa howada ylgamak ýörişler ýa-da işjeň sport oýunlary siziň üçin gowy dynç alyşdyr. Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen gyzykly söhbetdeşlikler garaşylýar. Maddy taýdan bolsa, geljekki maşgala maýa goýumlary ýa-da uly satyn almalar barada maslahatlaşmak ahmal.Ýakynlaryňyz bilen bilelikde täze bir ýere gitmek ýa-da medeni çärä gatnaşmak gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Iş ýeriňizde uly öňegidişlikleriň bolmagy ähtimal. Esasanam hyzmat ediş ulgamynda işleýän we gozgalmaýan emläk bilen meşgullanýan Daluw ýyldyzynyň astynda doglanlar ýyldyzlaryň goldawyna bil baglap bilerler. Eger siz eýýämden bäri geleşik barada gepleşik geçirýän bolsaňyz ýa-da müşderi gözleýän bolsaňyz, şu gün ajaýyp teklipleriň peýda bolmagyna garaşyň. Hatda meýilnamalaryňyzy birneme üýtgetmeli bolsaňyz hem bu pursatlary elden gidirmäň.Işewür gatnaşyklar nukdaýnazaryndan bu gün örän amatly bolar. Siziň köpden bäri gatnaşyk gurmak islän adamlaryňyz has açyk bolar we özleri başlangyç görkezerler. Köp Daluw ýyldyzynyň astynda doglanlar hatda düýbünden diýen ýaly tanamaýan adamlaryna hem ynanmaga meýilli bolarlar, bu bolsa geljekde kynçylyklara getirip biler. Haýsydyr bir bilelikdäki taslamalara razylyk bermezden ozal adamlar barada maglumat ýygnaň we öwreniň diňe ilkinji täsire bil baglamaň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
