Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün siz  kynçylyklara  we synaglara   taýýar bolsaňyz we şowlulyga ýa-da kimdir biriniň kömegine bil baglamasaňyz diňe öz güýjüňize ynansaňyz üstünlik gazanyp bilersiňiz.Emma çalt we kesgitli hereket etmek endigiňiz size päsgel berip biler.  Işewür duşuşyklarda özüňizi sabyrly alyp barmaga çalşyň. Duýgularyňyzy dolandyryň, netije çykarmaga howlukmaň, hatda garşydaşyňyzyň garaýşy size şübheli görünse-de, ony sabyrly diňlemäge taýýar boluň. Ilki başda wagt ýitirmek ýaly görünýän  zatlar, geljekki üstünlikleriňiz  üçin örän möhüm bolup biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün hünär taýdan ösüşe sary ymtylýan Sowurlar üçin örän şowly bolar: işde uly üstünlikler we işewürlikde gowluga tarap özgermeler garaşylýar. Ýagdaýlaryň köpüsi siziň peýdaňyza bolar.

Ir säher bilen özüňizde adatdan daşary güýç-kuwwat we ruhubelentlik duýarsyňyz. Düýn kyn bolup görünen wezipeler garaşylmadyk derejede çalt çözüler. Ýolbaşçylar siziň bitiren işleriňize ýokary baha bererler  kärdeşleriňiziň käbiri bolsa siziň tejribäňizden nusga almak islär. Hatda adatça başgalaryň maslahatyna gulak asmaýan adamlar hem size geňeş sorap ýüz tutsalar, geň galmaň.Işewür gatnaşyklarda hem ýakymly üýtgeşmeler bolmagy ähtimal. Soňky döwürde gatnaşyklaryňyzda  birneme sowlukly bolan kärdeşleriňiz hem  aragatnaşykda özleri başlangyç görkezerler we bilelikdäki taslamalary teklip edip bilerler. Ozal diňe iş bilen çäklenen gatnaşyklar has ýakyn  görnüşe geçip biler. Bu ýerde romantik duýgularyň döremegi hem ahmal, ýöne hemme zat siziň öz islegiňize we nähili jogap berjekdigiňize bagly bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hiç ýere howlukmaň we näme bilen meşgullansaňyz hem, ownuk jikme-jikliklere has ünsli bolmaga çalşyň. Ilki başda ähmiýetsiz ýaly görünen zatlar, soňra uly rol oýnap biler. Şonuň üçin seresap boluň!Günüň birinji ýarymynda işde dartgynly pursatlaryň bolmagy ahmal. Öň göýberilen ýalňyşlyklary düzeltmeli       ýa-da ýitirilen wagtyň öwezini dolmaly bolmagyňyz mümkin. Günüň ikinji ýarymynda täze borçlary öz üstüňize almazlyga we häzir ýerine ýetirmesi kyn bolan zatlary wada bermezlige çalşyň. Häzirki wezipeleriňize ünsüňizi jemläň we başlan işleriňizi ahyryna çenli wediň. Edil şeýle işlerde siz gowy netijeleri gazanarsyňyz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün köp sanly gyzykly mümkinçilikler açylar. Olaryň hiç birini elden gidermejek boluň.Işde üstünlikleriň gazanylmagy gaty ähtimal. Ýolbaşçylar siziň gazananlaryňyza baha berip, ýakyn wagtda gyzykly bir zat teklip ederler. Şoňa çenli bolsa özüňizi  gowy tarapdan görkezmäge we  abraýyňyzy berkitmäge çalşyň. Ähtimal iş berijiler we işewür hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar örän şowly geçer. Söhbetdeşleriňiz siziň ökdeligiňize we jogapkärçiligi öz üstüňize almaga taýýarlygyňyza ýokary baha bererler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Öz ukyplaryňyzy görkezmegiň wagty geldi. Eger şu gün özüňizi dogry alyp barsaňyz, köp işlerde uly üstünlikleri  gazanyp bilersiňiz. Kärdeşleriňiz siziň sözleriňize gulak asarlar we berjek maslahatlaryňyzy höwes bilen diňlärler. Ýolbaşçylar bolsa siziň tutanýerliligiňize we çylşyrymly taslamalar üçin jogapkärçiligi öz üstüňize almaga taýýarlygyňyzy görüp  ýokary baha bererler.Emma seresap boluň. Hemme zadyň şowly gidýändigini duýup, aşa köp borçlary öz üstüňize almakdan çekiliň we ylalaşyklara gol çekmezden ozal, gowy oýlanyň. Günüň ikinji ýarymynda  maşgalaňyza we ýakynlaryňyza  wagt aýyryň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün Sünbülelerde iş güni şeýle bir şowly geçer welin, agşama çenli näçe iş bitirendigiňize özüňiz hem haýran galarsyňyz. Wezipeler biri-biriniň yzyndan çözüler we isleýän  netijäňizi gazanmak üçin elmydama aşa güýç sarp etmeli bolmarsyňyz. Kärdeşleriňiz siziň netijeliligiňize üns berer, ýolbaşçylar hem muňa ýokary baha berer. Ýöne şahsy bähbitleriňizden däl-de, umumy bähbitlerden ugur almagyňyz aýratyn möhüm bolar. Şeýle hem bu gün işewür duşuşyklar üçin örän amatlydyr. Günüň ikinji ýarymynda  haçandyr bir wagt gatnaşygyňyz bozulan adam bilen arany düzeltmäge mümkinçilik dörär. Tötänleýin duşuşyk ýa-da telefon jaňy ýaraşmak üçin ýol açar. Bu pursatdan peýdalanyň: ak ýüreklilik we öz ýalňyşlaryňyzy boýun almaga taýýarlygyňyz gymmatly gatnaşyklary yzyna gaýtarmaga kömek eder.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün Mizanlar üçin deňagramlylygy saklamak we gatnaşyklara üns bermek esasy mesele bolar. Siziň dogabitdi diplomatiýa ukybyňyz töweregiňizdäkiler bilen düşünişmekde uly rol oýnar.Günüň birinji ýarymynda käbir ikirjiňlenmeler ýüze çykyp biler, emma bu wagtlaýyn ýagdaýdyr. Öýde ýa-da iş ýerinde döräp biljek ownuk düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşyň. Siziň içki duýgyňyz  dogry kararLARY  bermäge kömek eder.Şeýle hem bu wagt işewürlikde täze taslamalar barada pikir etmek üçin oňaýly pursat. Eger maliýe meselelerinde çözülmedik soraglaryňyz bar bolsa, şu gün olary gözden geçirmek maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda söýgi durmuşyňyzda ýakymly pursatlara garaşylýar. Ýanýoldaşyňyz ýa-da ýakynlaryňyz bilen wagtyňyzy geçirmek size ruhy güýç berer. Ýalňyz Mizanlar üçin bolsa täze we gyzykly tanyşlyklaryň bolmagy mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin örän täsirli we energiýadan doly gün bolar. Siziň erjelligiňiz we maksada  okunlylygyňyz iň kyn meseleleri hem çözmäge mümkinçilik berer.Günüň dowamynda özüňize bolan ynamyňyz artar. Içki dünýäňize ser salmak we geljekki meýilnamalaryňyzy gözden geçirmek üçin oňaýly pursat dörär. Töweregiňizdäkiler siziň durnuklylygyňyza we tutanýerliligiňize haýran galarlar.Günüň ikinji ýarymynda iş ýeriňizde  jogapkärli pursatlar ýüze çykyp biler. Täze pikirleriňizi öňe sürmekden çekinmäň, sebäbi ýolbaşçylar siziň ukyplaryňyza ýokary baha berip bilerler.Garaşylmadyk girdejiler ýa-da köne bergiňiziň yzyna gaýtarylmagy  hem mümkin. Emma uly möçberli söwdalary etmezden ozal ýene bir gezek oýlanyň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   

Bu gün Kowuslar üçin täze gözýetimleriň açylýan we edilen tagallalaryň miwesini berip başlaýan wagtydyr. Siziň optimist garaýşyňyz we tutanýerliligiňiz iň çylşyrymly ýagdaýlarda-da ýol tapmagyňyza kömek eder.Bu günüň energiýasy size  öz pikirleriňizi we inisitiwalaryňyzy öňe sürmek üçin iň amatly pursatlary berer. Kärdeşleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz siziň teklipleriňizi höwes bilen goldarlar.Günüň ikinji ýarymynda ýyldyzlar size  ýakynlaryňyz bilen wagt  geçirmegi maslahat berilýär.

 

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün Jediler üçin maksatlaryna ýetmekde we zähmetiniň miwesini görmekde aýratyn gün bolar. Siziň sabyrlylygyňyz we amaly garaýşyňyz iň kyn wezipeleri hem ýeňilleşdirer.Günüň dowamynda özüňizi örän ynamly duýarsyňyz. Öňde goýan meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmekde  meseleleriňiziň çözgüdini taparsyňyz. Siziň durmuş tejribäňiz we her bir işe çynlakaý çemeleşmegiňiz töweregiňizdäkiler üçin nusga bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün Daluwlar üçin täze pikirleriň we garaşylmadyk mümkinçilikleriň güni bolar. Siziň erkinligi söýýän tebigatyňyz we döredijilikli garaýşyňyz  iň uly üstünlikleriňize sebäp bolar.Günüň dowamynda durmuşyňyza täze öwüşgin gatjak wakalar bolup biler. Arzuwlaryňyzyň hasyl bolup başlamagy sizi ruhlandyrar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu  siziň meýilleşdireniňizden biraz üýtgeşik başlap biler. Käbir işleri yza süýşürmeli bolar, bu bolsa başda sizi biraz gynandyryp biler. Emma hut şu üýtgeşmeler sebäpli tiz wagtdan öňde hiç hili garaşmadyk täze mümkinçilikleriňiz açylar. Işde üstünlik gazanmak üçin döredijilikli çemeleşme kömek eder. Kärdeşleriňiz siziň  ukybyňyza haýran galarlar