Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Içki dünýäňize gulak salmak we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy berkitmek üçin amatly pursatlar dörär.Işleýän ýeriňizde asuda we durnukly ýagdaý garaşylýar. Kollektiw içindäki agzybirligi saklamakda siziň roluňyz uly bolar. Täze başlangyçlara girişmezden ozal, elňizdäki bar bolan işleri tamamlamaga çalşyň.Maddi meselelerde duýgurlyk görkeziň. Öýüňiz we maşgalaňyz üçin zerur bolan zatlara pul sarp etmegiňiz mümkin. Ýöne uly möçberdäki karz bermekden ýa-da algy-bergi meselelerinden şu hepde saklanyň.Bu hepde siziň üçin iň wajyp mesele öýdäki rahatlykdyr. Şahsy durmuşyňyzda geçmişdäki gatnaşyklaryňyz ýatlatmagy mümkin. Ýöne täze tanyşlyklar üçin özüňizi açyk tutsaňyz, hepdäniň ahyrynda garaşylmadyk sowgat ýa-da gyzykly teklip alyp bilersiňiz
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu hepde Esetler üçin özüni görkezmegiň we öňe saýlanmagyň wagtydyr. Siziň tebigy liderlik ukyplaryňyz we özüňize bolan ynamyňyz iň kyn meseleleriň hem hödesinden gelmäge iterer. Töweregiňizdäkiler siziň maslahatyňyza we goldawyňyza mätäç bolar.Iş ýeriňizde täze başlangyçlar we taslamalar üçin örän amatly döwür. Siziň döredijilikli garaýyşlaryňyz kärdeşleriňiziň we ýolbaşçylaryňyzyň arasynda uly seslenme döreder.Maliýe ýagdaýyňyzda durnuklylyk garaşylýar. Emma şu hepde dabaraly çäreler ýa-da şahsy höwesleriňiz üçin çykdajylaryň artmagy mümkin. Puluňyzy netijeli ulanmaga çalşyň.Hepdäniň ahyrynda öýde hezil we şadyýan agşamlar garaşýar. Maşgala agzalaryňyz bilen bilelikde dynç alyş meýilnamalaryny düzmek üçin gowy wagt.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu hepde Mizanlar üçin deňagramlylygy saklamak we gatnaşyklary düzetmek döwri bolar. Planetalaryň ýerleşişi size diplomatik ukyplaryňyzy ulanmaga we töweregiňizdäki adamlar bilen sazlaşykly dil tapmaga kömek eder.Işewürlikde täze şertnamalar ýa-da hyzmatdaşlyklar barada gepleşikler geçirmek üçin amatly wagt. Eger siz köpçülik öňünde çykyş edýän bolsaňyz ýa-da media pudagynda işleýän bolsaňyz, bu hepde üstünlik siziň tarapyňyzda bolar.Pul meselelerinde seresaplyk talap edilýär. Uly göwrümli söwdalary hepdäniň ahyryna goýsaňyz has gowy bolar. Garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykyp biler, şonuň üçin býujetiňizi öňünden meýilleşdiriň.Mizanlar bu hepde söýgi meselesinde örän duýgur bolarlar. Ýanýoldaşyňyz bilen aradaky ownuk düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözmek başardar. Öýüňizde rahatlyk döretmek we maşgala agzalaryňyz bilen wagt geçirmek size rühy dynçlyk berer. Çagalar bilen baglanyşykly ýakymly täzelikler dörär.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu hepde Akraplar üçin täze başlangyçlaryň we içerki güýçleriniň artýan döwri bolar. Ýyldyzlar size öz ukyplaryňyzy doly görkezmek we uly taslamalara girişmek üçin amatly pursatlary wada berýärler.Hepdäniň başynda iş ýeriňizde jogapkärli meseleler ýüze çykyp biler. Siziň erjelligiňiz we meselelere çuňňur aralaşyp bilmek ukybyňyz ýolbaşçylaryňyzyň ünsüni çeker.Maliýe meseleleriňizde girdejileriňizi artdyrmak üçin täze mümkinçilikler dörär, ýöne töwekgelçilikli maýa goýumlaryndan saklanmak maslahat berilýär. Hepdäniň ortasynda garaşylmadyk pul girdejileri peýda bolmagy mümkin.Şeýle hem şahsy durmuşyňyzda durnuklylyk we özara düşünişmek höküm sürer.Maşgalaly Akraplar öý-işewürlik meselelerinde ýanýoldaşyňyz bilen agzybir bolarsyňyz. Bilelikde meýilleşdirilen saparlar gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.Täze tanyşlyklar üçin çarşenbe we penşenbe günleri örän şowly bolar.
.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
