JEMGYÝET

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekdäki goşandyna ýokary baha berdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew birinji bölümçede çykyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygy bellenildi.

Bölümçäniň çäginde çykyş etmek bilen Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow jemi 32 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň we 5 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady. Bu bolsa adam hukuklaryny goramakda we halkara hukugyny berjaý etmekde Türkmenistanyň ygrarlylygyny görkezýär.

Related posts

Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirligine müdir bellendi

Türkiýe Respublikasynyň Respublika güni Aşgabatda bellendi

Ata Watan Eserleri

«Galkynyş» toparyna 48-nji halkara Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalar gowşuryldy