JEMGYÝET

Ynanç hatlarynyň nusgalary gowşuryldy

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde   Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Egidiýus Nawikas bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Litwa Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajypdygyny bellediler.

Şeýle-de türkmen tarapy iki ýurduň daşary syýasy edaralary ugrunda türkmen-litwa hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýändigi barada belläp geçdi. Şunlukda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Related posts

Media-forum dedicated to the First Caspian economic forum held in Ashgabat

vepa

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy