DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan  Türkmenbaşy halkara deňiz portunda düýbi çuňaltmak arkaly düzümi döwrebaplaşdyrmak we port arkaly geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak meselelerini maslahatlaşdylar.

“Azerbaýjan demir ýollary” ÝGP-ne (ADY) salgylanyp, “Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu ugurdaky gatnaşyklar Baky halkara deňiz söwda portunda ADY-nyň başlygy Rowşan Rustamow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň arasyndaky duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumata görä, türkmen wekiliýetine Baky porty barada giňişleýin maglumat berildi. Bu maglumatlar portuň ADY bilen birleşdirilmeginden soň durmuşa geçirilen taslamalary, şeýle hem Orta geçelge boýunça multimodal daşamalaryndaky strategik ornuny öz içine alýar.

Taraplar iki ýurduň demir ýol müdirlikleriniň we halkara deňiz portlarynyň arasynda sazlaşykly işi üpjün etmek üçin maglumatlaryň sanly alyş-çalyşygynyň zerurdygyny aýratyn bellediler.

Şeýle hem Orta geçelgäniň we Ýewraziýa ulag ugrunyň ösdürilmegi, şeýle-de Gündogar-Günbatar-Gündogar ugrunyň ýük akymyny artdyrmak üçin multimodal daşamalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde durmuşa geçirilip bilinjek işler kesgitlenildi.

Related posts

Saud Arabystany Ýakyn Gündogarda milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýär

Azerbaycan, Türkmenistan ve Türkiye enerji alanında işbirliği yapacak

vepa

Halk Maslahaty: ykdysady ösüşler sanlarda