DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-Italiýa” sammiti 30-njy maýda Astana şäherinde geçiriler

Merkezi Aziýanyň Baştutanlary bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Meloniniň gatnaşmagynda ilkinji “Merkezi Aziýa-Italiýa” sammiti 30-njy maýda Astana şäherinde geçiriler. Şol gün Italiýanyň hökümetiniň baştutany Gazagystana resmi saparyny amala aşyrar. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat gullugy habar berýär.

Ilkibaşda, bu sammiti hem-de Jorji Meloniniň Özbegistana we Gazagystana sapary hem-de “Merkezi Aziýa-Italiýa” sammitini 25-27-nji aprelde geçirmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne 21-nji aprelde Rim Papasynyň aradan çykmagy bilen bu sapara yza süýşürilipdi.

Merkezi Aziýa döwletleri – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen beýleki döwletleriň arasyndaky bu görnüşdäki sammitler birnäçe ýyldan bäri geçirilýär. Şeýle görnüşdäki duşuşyklar sebitiň daşary işler ministrleriniň derejesinde hem guralýar.

Astana şäherinde tomus paslynda “Merkezi Aziýa-Hytaý”, güýzde bolsa, Duşanbe şäherinde “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti geçirmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Tokio häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy