BIZNES

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew özüniň “X” jemgyýetçilik torundaky sahypasynda habar berdi.

Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri Baky şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygynyň dowamynda geçirildi.

Nabiýew taraplaryň häzirki wagtda bar bolan meseleler boýunça hem pikir alyşandyklaryny belledi.

Related posts

Garyşyk mineral dökünleri öndürmek işi ýola goýulýar

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Ata Watan Eserleri

Gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara sergi guralar

Ata Watan Eserleri