SIZDEN GELENLER

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, terbiýeli, watansöýüji bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzda ähli ulgamlaryň, aýratyn-da bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi giňden nygtaldy. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda şu ýyl 3 müň 380 orunlyk täze umumybilim edaralaryny gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, täze mekdeplerde okamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de bi­lim öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Şun­da ýaş nes­liň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da ýaş­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi, ola­ryň bi­lim öw­ren­mek­le­ri, döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­ma­gy üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bi­lim ul­ga­myn­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­riň ne­ti­je­sin­de okuw­çy­lar, ta­lyp ýaş­lar döw­re­bap bi­lim­le­ri öz­leş­dir­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýan ýaş­la­ry­myz hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ge­çi­ril­ýän ders bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, my­na­syp orun­la­ra, baş baý­rak­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Bu bol­sa hä­zir­ki döw­rüň ösüş­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.

Be­lent öz­gert­me­le­riň esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny gül­le­dip ös­dür­mek­dir, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­mek­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­dew bat­ly ösü­şi­ne go­şant goş­ýan ýaş­la­ry­my­zyň üs­tün­lik­le­ri­ni gö­rüp gu­wan­ýar­syň, buý­san­ýar­syň. Çün­ki olar be­ýik ösüş­le­re go­şant goş­ýan tä­ze eý­ýa­myň bag­ty­ýar ýaş­la­ry­dyr.

Bilim ulgamynyň kämilligi ykdysadyýetiň ýokary derejede ösmeginiň esasy şertidir. Şonuň üçin hem bilimiň elýeterliligi, ýokary hilliligi döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň häzirki tapgyrynda örän möhümdir. Ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň baş maksady bilim bermegiň ýokary hilini gazanmakdan, okuw işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu möhüm ulgamy kämil derejede ösdürmek esasynda ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hem öňde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Ajaýyp zamanada ylym-bilim ulgamy dünýä tejribesi bilen sazlaşykda ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň baş maksady ýurdumyzyň raýatlarynyň her biri üçin bilim almagyň elýeterliligini üpjün etmekden, bu ugurda öz ukyp-başarnyklaryny doly ulanyp bilmekleri üçin zerur bolan şert-mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksatlara ýet- mekde bolsa dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlarynyň ulgama giňden ornaşdyrylmagyna, milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaş nesillere berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam berýär.

Şeýle ajaýyp zamanada döwrebap bilim ojaklarynda okuwçylara berilýän bilimiň has-da çuňňur hem-de oýlanyşykly esasda berilýän döwründe surat we çyzuw sapaklarynyň okadylmagynyň ähmiýeti uludyr.

Surat we çyzuw sapaklary diňe bir kagyz ýüzüne şekil çekmek däl, eýsem adamyň aň-düşünjesiniň, döredijilik ukybynyň we dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde düýpli orun tutýan ylymdyr. Bu sapaklar mekdep döwründen başlap, okuwçylaryň hem ruhy, hem-de intellektual taýdan ösmegine ýardam berýär.

Surat çekmek çaganyň we ýetginjegiň öz içki dünýäsini beýan etmeginiň iň täsirli usulydyr.

  • Erkin pikirlenme: Okuwçy belli bir kadalardan daşary çykyp, öz duýgy-düşünjelerini ulanmagy öwrenýär.

  • Innowasion çemeleşme: Täze şekilleri we reňk utgaşmalaryny tapmak ukyby geljekde islendik kärde täzeçil çözgütleri tapmaga kömek edýär.

Çyzuw sapagy takyklygy we giňişleýin pikirlenmegi talap edýär.

  • Üç ölçegli düşünje: Obýektleriň giňişlikdäki ýerleşişini, olaryň proýeksiýalaryny we göwrümini göz öňüne getirmek beýniniň analitiki bölegini işledýär.

  • Geometriýa bilen baglanyşyk: Çyzuw sapagy matematiki we geometrik bilimleriň iş ýüzünde ulanylmagydyr. Bu bolsa beýleki takyk ylymlaryň özleşdirilmegini ýeňilleşdirýär.

Bu sapaklar arkaly okuwçylar sungatyň dilini öwrenýärler. Daşky gurşawyň, tebigatyň we sungat eserleriniň gözelligine baha bermegi öwrenýärler. Dünýä we milli nakgaşlyk sungatynyň taryhy bilen tanyşmak arkaly umumy medeniýetliligi ýokarlanýar.

Ylmy barlaglar surat çekmegiň adamyň nerw ulgamyna oňyn täsir edýändigini subut edýär. Surat çekmek işi ünsüňi jemlemäge we gündelik işlerden saplanmaga kömek edýär. Döreden işiniň netijesini görmek we üstünlik gazanmak okuwçynyň özüne bolan ynamyny artdyrýar.

Häzirki zaman dünýäsinde çyzuw we dizaýn ukyplary köp sanly häzirki zaman hünärleriniň esasyny düzýär. Binagärlik (arhitektura), inženerçilik, grafiki dizaýn, moda dizaýny we oýun senagaty ýaly ugurlar gönüden-göni surat we çyzuw kadalaryna esaslanýar. Ownuk motorikanyň ösmegi, eliň hereketleriniň takyklygy lukmançylyk (hirurgiýa) ýaly inçe işlerde hem uly ähmiýete eýedir.

Dünýä belli meşhur hudožnik Pablo Pikassonyň belleýşi ýaly, “Sungat – bu ruhuň gündelik durmuşyň tozanyndan arassalanmagydyr.”

Netijede, surat we çyzuw sapaklary diňe bir “reňklemek” däl-de, eýsem dünýäni başgaça görmegiň we ony täzeden gurmagyň usulydyr. Bu dersler okuwçynyň diňe bir ýerine ýetiriji däl, eýsem dörediji şahsyýet bolup ýetişmegi üçin zerurdyr.

Mahlasy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň hal­ka­ra de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, giň göz­ýe­tim­li, ze­hin­li nes­liň ke­ma­la gel­me­gi üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi hal­ky­my­zy buý­san­dyr­ýar. Şeý­le-de bi­lim ul­ga­myn­da­ky ösüş­ler ýur­du­my­zyň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­ny ze­rur bo­lan ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler bi­len üp­jün et­mek müm­kin­çi­li­gi­ni dö­ret­di. Şo­nuň ýa­ly-da, ýur­du­myz­da bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de ne­ti­je­li çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bi­lim ul­ga­myn­da­ky bu öz­gert­me­ler biz — bi­lim iş­gär­le­ri­niň öňün­de hem uly borç­la­ry goý­ýar. Ne­ti­je­li iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da her bi­ri­miz öz or­nu­myz­da berk du­rup, ha­lal zäh­met çe­kip, Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­ma­ga ça­lyş­ma­ly­dy­rys.

Ýaş nes­liň bi­lim­li, berk be­den­li, ýi­ti ze­hin­li, dür­li hü­när­le­re hö­wes­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri, mu­gal­lym­la­ryň yh­las­ly zäh­met çek­mek­le­ri üçin ýo­ka­ry müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Mahym Çerkezowa, 

Aşgabat şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy. 

Ýene-de okaň

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy