BMG-niň resmi saýtynda çap edilen resminamalara görä, dünýä guramasynyň indiki Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi diýip, “Sinhua” agentligine salgylanyp habar berýär.
Häzirki wagtda Afrika Bileleşigine başlyklyk edýän Burundi, Senegalyň öňki prezidenti Maki Salyň dalaşgärligini hödürledi. Şol bir wagtda Kosta-Rika bolsa ykdysatçy we ýurduň öňki wise-prezidenti Rebeka Grinspeniň dalaşgärligini öňe sürdi.
Täze dalaşgärleri hasaba alanyňda, häzirki wagtda Baş sekretar wezipesi ugrunda dört dalaşgär bäsleşýär. Beýleki iki dalaşgär: Çili, Braziliýa we Meksika tarapyndan hödürlenen Çiliniň öňki prezidenti Mişel Baçelet hem-de Argentina tarapyndan hödürlenen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) häzirki baş direktory Rafael Grossidir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Annalena Berbok agza döwletlere iberen hatynda 20-nji aprelden dalaşgärler bilen geçiriljek interaktiw gepleşikleriň tertibini mälim etdi.
Bu gepleşikler BMG-niň işiniň üç esasy ugry — parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary hem-de ösüş meselelerine gönükdiriler. Hatda bellenilişine görä, her bir dalaşgär öz garaýyşlaryny hödürlär, şondan soňra agza döwletler sorag berip, ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşarlar.
BMG-niň Baş sekretarlygyna dalaşgär gurama agza döwletler tarapyndan hödürlenýär we her bir ýurduň diňe bir dalaşgär hödürlemäge hukugy bardyr.
