DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Russiýada saparda bolar we Prezident Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirer. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

17-nji ýanwarda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian duşuşar. Bu duşuşyk Eýranyň Prezidentiniň Russiýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde bolar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda söwda-maýa goýum, ulag-logisitka, ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alşarlar.

Mundan başga-da, Eýran bilen Russiýanyň arasynda ählumumy strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekiler.

Ozal, iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanda we Tatarystanda ikiçäk duşuşyklary geçiripdi.

Related posts

Parahatçylygy ilerletmäge bagyşlanan maslahat

«Turkish Airlinesiň» ozalky wise-prezidenti özbek kompaniýasynda orunbasar bolup işläp başlady

14-nji noýabr – Halkara sosiologlar güni

Ata Watan Eserleri