BIZNES

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

“Hurun Global Rich List” reýtinginiň iň soňky maglumatlaryna görä, Hytaý milliarderleriň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Ýurtda milliarderleriň sany rekord derejä — 1110 adama ýetdi diýip,  “SCMP” neşirine salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, milliarderleriň sanynyň artmagy gazna bazaryndaky ýokarlanma we emeli aňyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.

“Hurun Group” tarapyndan 5-nji martda çap edilen ýyllyk hasabata görä, dünýädäki 4020 milliarderiň 1110-sy Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji bir ýylyň içinde 287 adam köpeldi. Şeýlelikde, Hytaý soňky üç ýyldaky ýitgileriniň öwezini dolup, 1000 milliarderi bolan ABŞ-dan we 308 milliarderi bolan Hindistandan öňe geçdi.

Tehnologiýalaryň, aýratyn-da emeli aňyň ösmegi täze maýanyň çeşmesine öwrüldi. Hytaýyň täze milliarderleriniň arasynda “MiniMax” kompaniýasyndan Ýan Szýunsze ($3,6 mlrd) we “Knowledge Atlas Technology JSC (Zhipu)” kompaniýasyndan Lýu Debin ($1,2 mlrd) bar. Dünýäde emeli aň bilen baglanyşykly kompaniýalarda jemi 114 milliarder işleýär we olaryň 46-sy reýtinge ilkinji gezek girdi.

Dünýäniň iň baý 3 adamy:

  1. Ilon Mask — $792 mlrd (ol baýlygy $700 milliarddan geçen ilkinji adam boldy).

  2. Jeff Bezos — $300 mlrd.

  3. Larri Peýj — $281 mlrd.

Şäherleriň arasynda Nýu-Ýork 146 milliarder bilen dünýä liderligini saklaýar. Ondan soňra Şençžen (132), Şanhaý, Pekin we London gelýär. Dünýäde milliarderleriň ortaça ýaşy 65 ýaşdyr.

Related posts

Dergimiz BM –Türkmenistan Uluslararası Konferansında

vepa

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Seçim sonuçlarını ilk “Atavatan Türkmenistan” dünyaya servis etti

vepa