JEMGYÝET

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin hoş habar yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.

Bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar.

Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň “Wokzal” awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna, «Ak Işan» aramgähinden paýtagtymyza tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.

Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20.

Hormatly ildeşler, goý, eden zyýaratlaryňyz we doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri