2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Täjigistanyň daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlar we sport baradaky komitetiniň wekilleri, atçylyk ulgamynyň hünärmenleri, türkmen diasporasynyň we talyp ýaşlaryň wekilleri, intelligensiýa wekilleri hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyň we ýurduň durnukly ösüşiniň esasy hökmündäki ähmiýeti nygtaldy. Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda döwletiň gazanan üstünliklerine, şeýle hem türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň simwoliki obrazyna aýratyn üns çekildi.
Çykyşlarda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi. Türkmen medeniýetiniň görnükli ugurlarynyň biri bolan ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzat däl-medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi nygtaldy. Şeýle hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlaryndaky ýeňişleriniň ahalteke atçylyk sungatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasydygy bellenildi.
Mundan başga-da, gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.
Çäräniň çäklerinde Ilçihananyň binasynda fotosergi we kitap sergisi guraldy. Myhmanlara ahalteke bedewleriniň gözelligini açyp görkezýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, çeper fotosuratlar, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem ýurduň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan üstünliklerine bagyşlanan tematiki sergi hödürlendi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür-kerem edildi.
