Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda 2025-nji ýylda alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi we ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak baradaky meselelere seredildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanowy eýeleýän wezipesindne boşatdy.
Bu wezipä “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bellendi.
Guwanç Agajanow şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesini alyp barar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aşyrguly Begliýewi pensiýa gidýandigi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.
