JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda desgalaryň 220-den gowragy gurulýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Nobatdaky tapgyrda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär. D.Orazow medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hem batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigi, ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Ýene-de okaň

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady

Kristiano Ronaldo Türkmenistana geler: 11-nji fewralyň taryhy agşamy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

«Galkynyş» toparyna 48-nji halkara Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalar gowşuryldy