BIZNES

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

21-nji ýanwarda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen duşuşygy boldy.

Täjigistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ulgamyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we iki ýurduň degişli düzümleriniň hem-de guramalarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

2025-nji ýylda Täjigistan we Türkmenistan halklarynyň arasyndaky özara söwdanyň ösendigini belläp, taraplar iki ýurduň gyzyklanma bildirýän telekeçileriniň arasynda göni we yzygiderli aragatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny tassykladylar. Iki taraplaýyn ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, degişli ylalaşyklary baglaşmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär