BILIM

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini bahalandyrýan THE Times Higher Education guramasynyň resmi saýtynyň (theawardsasia.com) habar bermegine görä, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýanyň iň abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan “THE Awards Asia 2026” bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň 8-ligine “Ýylyň STEM ylmy-taslamasy” (STEM Research Project of the Year) ugry boýunça saýlandy.

Aziýa sebitiniň uniwersitetleri tarapyndan 500-den gowrak işiň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde, 10 sany ugur boýunça iş alyp baran diňe iň gowy 8 sany uniwersitetleriň “gysga sanawy” (shortlist) yglan edildi.

Bu sanawda ýurdumyz bilen bir hatarda Ýaponiýa, Singapur, Günorta Koreýa, Taýland, Malaýziýa, Türkiýe, Hindistan we Gonkong ýaly ylmy-tehnologik taýdan ösen döwletleriň iň gowy ýokary okuw mekdepleri bar.

Bellärlikli tarapy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu uly sepgide eýýäm ikinji gezek ýetmegi başardy. Uniwersitet 2024-nji ýylda hem Merkezi Aziýada ilkinji bolup bu sanawa girdi.

2026-njy ýyldaky bu täze üstünlik bolsa, Türkmenistanda ylmyň durnukly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Uniwersitetiň ýaş alymlary tarapyndan taýýarlanan “Howply galyndylary ýokary arassalykdaky gipse öwürmek: durnukly materiallary öwrenmek ylmynda täze öwrülişik” atly ylmy işi dünýäniň bilermenleriniň ünsüni çekdi.

​ UniRank-2026 maglumatlaryna görä, Aziýada 6300-den gowrak ýokary okuw mekdebi bar. “THE Awards Asia” baýragynyň gysga sanawyna ikinji gezek girmegi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň çalt depginler bilen ösýändigini we dünýä derejesinde bäsleşige ukyplydygyny görkezýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gonkongda geçiriljek Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň dowamynda yglan ediler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bu gazanan üstünligi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ylym we tehnologiýa giňişliginde mynasyp orun eýeleýändigini ýene bir gezek dünýä jemgyýetçiligine aýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar