BILIM

Türkmen ýaşlaryna Hindistanda talyp haky bilen okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2024-2025-nji okuw ýyly boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň (ICCR) talyp hakyny almak babatda ýüz tutmalaryň başlandygyny habar berýär.

Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň talyp haky maksatnamasy türkmen ýaşlaryna Hindistanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilik döreder.

Hindistanyň ilçihanasy Türkmenistandan gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň Hindistanda ýokary hilli bilim almak mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyryp, şeýle hem kesgitlenen döwürde ýüz tutmagy ýatladýar.

Bu talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 2024-nji ýylyň 4-nji apreli we 31-nji maýy aralygynda göz öňünde tutulandyr.

Has giňişleýin maglumat üçin :http://a2ascholarships.iccr.gov.in şu salga seredip bilersiňiz.

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

Ýene-de okaň

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi

Türkmenistanlylar üçin Ýaponiýada okamak mümkinçiligi