Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabryndaky çözgüdi bilen 2026-njy ýyl GDA-da “Saglygy goraýyş ýyly” diýlip yglan edildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Arkalaşykda geçirilýän tematiki ýyllaryň yglan edilmegi, gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer ulgamyň çäginde bilelikdäki tagallalaryny jemlemäge hem-de ylalaşylan maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Saglygy goraýyş GDA ýurtlarynda durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlary — ömrüň dowamlylygyny uzaltmak, ölüm derejesini we maýyplygy azaltmak, lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmekdir.
Saglygy goraýyş ýylyna taýýarlyk görmegiň çäginde Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilermenleri tarapyndan 10 bölümde takmynan 100 çäräni öz içine alýan Çäreler meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama saglygy goraýyş ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ýokanç däl keselleriň öňüni almagy we ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Täzeçil we sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň içine telelukmançylyk, emeli aň tehnologiýalary, uly maglumatlaryň seljermesi, şeýle hem ilatyň sanitariýa-epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek girýär.
Meýilnama bilelikdäki ylmy-barlaglary, halkara maslahatlary we forumlary geçirmegi, lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini goldamagy hem göz öňünde tutýar.
Saglygy goraýyş ýylynyň geçirilmegi GDA döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, iň gowy tejribeleriň alyşylmagyna we Arkalaşygyň çäginde lukmançylyk kömeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder diýlip garaşylýar.
