JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy we möhüm wakalara beslendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda Russiýanyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ünsüne, döwletimiziň bitarap daşary syýasy ugruna, ählumumy durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmekdäki tagallalaryna berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran sapary munuň aýdyň beýany boldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilendigini belledi. Şunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi. Ýurdumyzyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant boldy. Şunuň bilen bir hatarda, bu duşuşyk iki tarapyň hem bu gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmak, parlament tejribesini alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara forumyň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas