SPORT

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Magtymguly etrabyndaky sport mekdebiniň boks boýunça tälimçi-mugallymy Baýramdurdy Nurmuhammet ogly Nurmuhammedowyň sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 3-nji orna we bürünç medala mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Boks boýunça dünýä çempionatynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Halkara Boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda guralan bu abraýly ýaryş dünýä boksunyň iň iri çäreleriniň biri bolup, oňa 109 ýurtdan 428 türgen gatnaşdy.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ahyrky günlerinde milli sportumyzyň taryhyna ýene bir täze sahypa ýazyldy. Türkmen boksçusy taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň medalyna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy

Abu-Dabide “Geljegiň oýunlary” atly halkara sport ýaryşyna badalga berildi