SPORT

“Mançester Ýunaýtediň” iň gowy oýunçysy saýlandy

“Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly ýyldyzy Bruno Fernandes toparda “ýylyň iň gowy oýunçysy” diýlip yglan edildi.

Bruno Fernandes Angliýanyň “Premýer Liga” toparlaryndan biri bolan “Mançester Ýunaýted” toparyndaky ajaýyp çykyşy bilen janköýerleriň söýgüsini gazanmagy başardy. Şeýlelikde tejribeli futbolçy “toparyň iň gowy oýunçysy” diýen baýraga mynasyp boldy.

Klubyň beren beýanatyna görä, fewral aýynda “Mançester Ýunaýted” toparyna goşulan 26 ýaşly portugaliýaly oýunçynyň janköýerleriň sesleri bilen “ýylyň futbolçysy” hökmünde saýlanandygy mälim edildi. Fernandes bilen bir hatarda toparyň fransuz futbolçysy Entoni Martial ikinji, iňlis oýunçysy Markus Reşford üçünji ýeri eýeledi. “Mançester Ýunaýted” toparynyň lybasyny geýip 22 oýna gatnaşan Fernandes 12 gezek topy tora salmagy başardy.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy