DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler, emigrasiýa we daşary ýurtlardaky müsürlileriň işleri boýunça ministri Badr Abdelattiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan özara gyzyklanmasyny bildirmek bilen, halkara parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini bellediler.

Köptaraplaýyn düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk hem tassyklandy.

Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy