DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Marokkonyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Muny taraplaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldamak tejribesinde görmek bolýar.

Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär