DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Belarus Respublikasynyň Ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy boýunça orunbasary Tangryguly Atahallyýew bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Taraplar oba hojalygy babatynda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Belarusyň agro-senagat hepdeligine we «BELAGRO–2026» atly XXXVI Halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, weterinariýa, tohumçylyk we maldarçylyk ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.

Häzirki wagtda Belarus dünýäde azyk howpsuzlygyny doly üpjün edýän seýrek ýurtlaryň biridir, şol bir wagtyň özünde-de obasenegat önümleriň iri eksportçysy bolup çykyş edýär. Belarus önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň bazarlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem hödürlenýär. Umuman alanyňda, Belarus oba hojalyk önümlerini takmynan 8 milliard ABŞ dollary möçberinde eksport edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar