Adatça, ozalky ýyllarda “Green Card” üçin ýüz tutmak senesi her ýylyň oktýabr aýlarynda geçirilýän bolsa, üstümizdäki ýylda onuň senesine üýtgeşmeler girizildi. Bu barada ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ministrligiň bu barada berne beýanatynda şeýle diýilýär:
– Departament “Green Card” lotereýasyna (Dürli Wiza, DV) ýüz tutmak prosesine belli bir üýtgeşmeleri girizýär. Biz “DV-2027″ hasaba alyş döwrüniň başlanýan senesini, amaly taýdan mümkin bolan badyna, şeýle hem “DV-2027” saýlama netijelerini Barlamak (Entry Status Check, ESC) arkaly elýeterli bolup biljek senesini yglan ederis.
Bu üýtgeşmeler “DV-2027” üçin saýlanan şahslar üçin wiza ýüz tutmak döwrüne täsir etmez, olaryň möhleti 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli üýtgewsiz galar.
—————————————————————————————————————————————————————————
Makul Hyzmat Terjime Merkezi
Terjime hyzmatlary boýunça habarlaşmak üçin:
makulhyzmat@gmail.com
+993 12 96 48 55
+993 63 78 96 73
