Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Serbiýa tarapyna Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy.
Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň maksadalaýykdygy tassyklanyldy.
 
 
Söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksporty ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler halkara meýdançalarda, hususan-da, BMG-niň çäklerinde möhüm halkara başlangyçlary özara goldamak we awtordaşy bolup çykyş etmek boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.
Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
***
Şol gün Serbiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO-2027» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň direktory Danilo Ýeriniç bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2027-nji ýylyň 15-nji maýy – 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

