JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Italiýa birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň ikinji güni wakalara baý boldy. Hormatly Prezidenti türkmen-italýan işewürler maslahatyna gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gullugy habar berdi.

Bu maslahatyň çäklerinde iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Hususan-da, 

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radio-telewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama
  • Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda bilelikdäki jarnama bar.

Related posts

Beýl ahyr-soňy Hytaýa gaýtdy

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy