IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumy.

Habarlaşmak üçin:+993222 28836; +993222 28445; +993222 28498.

Related posts

Bäsleşik: 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak

ÝUNISEF: işe çagyrýar

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin bäsleşik yglan edildi

Ata Watan Eserleri