IŞ ORUNLARY & TENDERLER

ABŞ-nyň ilçihanasyndan iş orny

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy nobatdaky iş orny üçin bildiriş yglan etdi. Şol bildirişden görnüşi ýaly, ilçihanada Tehniki hyzmat ediş bölüminde Ýyladyş, wentilyasiýa we kondisioner tehnigi, FSN-06 iş orny açylandygy habar berilýär.  Gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

Soňky senesi: 3-nji iýun 2022

Degişli bildiriş bilen tanyşmak we bu wezipä tabşyrmak üçin, aşakdaky salgy boýunça geçiň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms (salgy hususy enjamlarda hem açylýar).

Tabşyryş düzgünlerini we beýleki wajyp maglumatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/embassy/jobs/

Kagyz görnüşli we/ýa-da e-mail arkaly ugradylan arzalar kabul edilmeýändigini ýatlatýarys. Ähli arzalar Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) arkaly doldurylmaly we tabşyrylmalydyr.

 MÖHÜM:
-1) Maý aýynyň 14-i sagat 09:00-dan maý aýynyň 15-i sagat 09-00-a çenli we 2) maý aýynyň 18-i sagat 09:00-dan maý aýynyň 18-i sagat 15-00-a çenli Internet arkaly işe almak ulgamynyň (ERA) el ýeterli bolman biljekdigini  Size habar berýäris.

– Ulgamda göz öňünde tutulmaýan tehniki taýdan hyzmat ediş geçirilmegi mümkin boldugy sebäpli, arzalaryňyzy soňky güne goýman tabşyrmagyňyz maslahat berilýär.

– Arzalar DIŇE iňlis dilinde doldurylmaly. Haýsy bolsada başga bir dilde doldurylan arzalar nädogry doldurylan diýip hasap ediler.

– Arzada ÄHLI bilýän dilleriňiz, şeýle hem ÄHLI okan we işlän ýerleriňiz anyk görkezilmeli. Dalaşgärleriň belli bir dil bilimi ýa-da belli bir bilim derejesi bar diýip çak edilmeýär. Arzada gerekli maglumatlar doly görkezilmedik ýagdaýynda, arza doly doldurmadyk diýip hasap ediler.
– Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) Chrome brauzerynda has gowy işleýär. Chrome ulanmagyňyzy haýyş edýäris.

 

Dinozawryň skeleti ausionda satyldy

Related posts

Bäsleşik: Daşoguz welaýatynda potratçylyk işleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden gurluşyk bäsleşigi

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri