BILIM

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 5-6-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrliginiň gurnamagynda bu ýurduň Nukus şäherinde merkezi aziýa ýurtlarynyň pedagoglarynyň halkara forumy geçirildi. Foruma sebitiň döwletleriniň bilim edaralaryndan, halkara guramalardan hem-de dünýäniň birnäçe abraýly bilim merkezlerinden wekiller gatnaşdylar .

Forumyň açylyş dabarasynda Özbegistan Respublikasynyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrniň, Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrniň, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasarynyň, BMG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, Britaniýanyň Geňeşiniň, Cambridge University Press & Assessment, Marshall Cavendish Education we MIT ýaly halkara guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda sebit ýurtlarynyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman bilim usullaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy .

Forumyň dowamynda, wekiliýetiň düzümindäki pedagoglar halkara gatnaşyjylar bilen bilelikde duşuşyklara, taslamalaryň tanyşdyrylyşyna hem-de medeni maksatnamalara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara foruma gatnaşmagy, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we täze başlangyçlaryň ornaşdyrylmagyna hyzmat eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

“Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

9 aýda bilimde 755, sportda 754 medal gazanyldy

Türkmenistanly ýaş zehinliler mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar