Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada wekiliýet bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki we iň ýokary derejedäki gepleşikleriň we saparlaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Iki ýurduň halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Horwatiýanyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini hem-de sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde söwda-ykdysady ugur bellenildi. Gämi gurluşygy, farmasewtika, gurluşyk we dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk we beýleki birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge bolan özara gyzyklanmany beýan etdiler.
Taraplar Türkmenistanyň we Horwatiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda Işewürlik forumy geçirildi.