JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sammitdäki çykyşy türki döwletleriň umumy taryhyna, medeniýetine we ruhy mirasyna esaslanýan doganlyk gatnaşyklary has-da berkitmek bilen bagly pikir-garaýyşlary, teklipleri öz içine aldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.

Gabala şäherindäki Geýdar Aliýew kongres merkezinde geçirilen ýokary derejeli duşuşygy açyp, ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlaryna orun berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň baş maksadynyň türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalarydyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendigini belläp, dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşiniň häzirki örän çylşyrymly döwründe ýurtlarymyzyň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekdi. Şunda halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynamy berkitmek öňde duran möhüm wezipeleriň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilendigini ýatladyp, sammite gatnaşyjylaryň ählisini şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

«Biz hemişe bir meseläni aýratyn nygtap geçýäris: biziň medeniýetimiz, dilimiz we däp-dessurlarymyz birdir. Bu umumylyk taryhy hakykata esaslanýar. Biziň ata-babalarymyz dünýä taryhynda uly yz galdyran döwletleri döretdiler. Medeniýetiň, söwdanyň we dolandyryş tejribesiniň ösüşine ägirt uly goşant goşdular. Olaryň arasynda oguzlaryň neslinden gelip çykan türkmenleriň syýasy mirasy hem möhüm ähmiýete eýedir» diýip, Milli Liderimiz belledi we Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady.

Hormatly Arkadagymyz çykyşynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara aýratyn üns berip, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça toplanan tejribeleri dowam etdirmegiň, ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmegiň, talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmagyň, halklarymyzyň taryhyny, medeni mirasyny öwrenmek babatda bilelikdäki işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady